Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkony goldap protest geçirildi


Ukrainada ýüzlerçe oppozision aktiwistler we protestçiler ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň tussag edilmeginiň iki ýyllygyna gabatlap Kiýew şäher sudunyň öňünde ýygnanyşdylar.

Timoşenkonyň “Batkiwşçina”, ýagny “Ata-watan” partiýasynyň aktiwistleri ellerinde plakatlary göterip, “Ýuliýa üçin azatlyk!” we “Demokratiýanyň tussag edilenine iki ýyl boldy” diýip, şygarlary gegyrdylar.

Şeýle-de, olar Strasburgdaky Ýewropa suduna Timoşenkonyň sud diňlenşiginiň çaltlandyrylmagyna çagyryş etmek maksady bilen ýazylan arzanyň aşagyna gol ýygnadylar.

Timoşenko 2011-nji ýylyň 5-nji awgustynda tussag edilip, şol ýylyň oktýabr aýynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa 2009-njy ýylda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gaz ylalaşygy bilen ilteşikli jenaýatlarda aýyplama bildirilip, ýyl kesilipdi.

Ýuliýa Timoşenko bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG