Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Sud Kozlowyň işine seretmedi


Wladimir Kozlow
Wladimir Kozlow
Gazagystanyň Ýokary sudy tussaglykdaky oppozisiýa lideri Wladimir Kozlowyň işine ýaňadandan seretmekden ýüz öwürdi.

Duşenbe güni geçirilen diňlenişikde Ýokary suduň sudýasy Morýak Şegenow muny etmek üçin “düýpli esaslaryň” ýokdugyny belledi.

Aliýa Turysbekowa
Aliýa Turysbekowa
Kozlowyň aýaly Aliýa Turysbekowa duşenbe güni Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, suduň diňlenişiginde Gazagystanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň, şeýle-de Polşanyň we Italiýanyň kanunçykaryjylarynyň hem bolandygy aýtdy.

Turysbekowa adamsynyň suduň kararynyň üstünden şikaýat etmekçidigini hem sözüne goşdy. Ol bu barada şeýle diýdi: “Aslyýetinde, Gazagystanyň kanunçylygyna görä, hökümi şikaýat etmek üçin Ýokary sud – bu ýüz tutup boljak iň soňky edaradyr. Indi biziň derdimizi aýtamaga [Gazagystanda] başga edara ýok. Şol sebäpden biz BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüz tutmakçy”.

Resmi taýdan hasaba alynmadyk oppozision “Alga” (“Öňe”) partiýasynyň lideri Kozlow geçen ýylyň oktýabrynda 7,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol nebit işgärleriniň geçiren köpçülikleýin protestlerine ilteşikli bolmakda aýyplanypdy.

Aýyplama

Bu protestler 2011-nji ýylyň dekabrynda gazaply çaknyşyklar bilen tamamlanypdy. Polisiýa Žanaözen we Şetpe şäherlerinde 17 adamy atyp öldürdi. Kozlow özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy taýdan galplaşdyrylandygyny öňe sürýär.

Kozlowyň diňlenişiginden bir aý çemesi wagt soň, sud onuň partiýasynyň işini togtatdy. Mundan öň ýurduň prokuraturasy suddan “Alga”, “Halkyň hereketi” we başga-da birnäçe oppozision neşirleri “ekstremistik” häsiýetli neşirler hökmünde ykrar etmegi haýyş edipdi.

Bu wakadan soň Ýewropa Parlamenti hem Kozlowyň işini yzarlap başlady. Fewral aýynda Polşanyň iki syýasatçysy – Tomasz Makowski we Malgorzata Markinkiewiçz – Kozlowy görmek üçin Gazagystana sapara bardy. Emma olara Kozlow bilen duşuşmaga rugsat berilmedi.

Aprelde Ýewropa Parlamenti Gazagystanyň syýasy, media we dini azatlyklara ýeterlik sylagy görkezmeýänligi sebäpli resmi Astanany berk tankytlady.
XS
SM
MD
LG