Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Rohaniniň öňündäki meseleler


Hasan Rohani
Hasan Rohani
Ähli zadyň ahyrky etapda ýokary lider tarapyndan çözülýän ýurdunda prezidentlik wezipesini öz üstüňe almak aňsat iş däl. Özüňden öňki prezidentden galan uly päsgelçilikleri ýoluňdan aýyrmak bolsa ondan-da kyn.

Hasan Rohani, prezidentlik wezipesine başlar-başlamaz, ilki bilen Mahmud Ahmedinejadyň 8 ýyllyk döwründen galan uly kynçylkyklaryň agramyny ölçäp görmeli.

Ysgynsyz ykdysadyýet, ýurda zeper ýetirýän halkara sanksiýalar, gowgaly halkara gatnaşyklar, ýurduň ýadro programmasyna degişli mekir-hileli gepleşikler, ýurtdaky, zulum-sütemi gitdigiçe artan syýasy çydamsyzlyk atmosferasy.

64 ýaşly Rohani Yslam respublikasynda häkimiýet basgançaklaryna degişli, ýokary wezipeleriň ençemesinde öňdenem bolan adam. Ýöne bu ýokary ruhy ýolbaşçy aýatolla Ali Hameneýiniň oňa ynam edip, ony yzygiderli goldajakdygyna kepilnama däl.

Rohani saýlaw kampaniýasynda beren wadalaryny ýerine ýetirip, özüne garaşýan kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçjek bolsa, Hameneýiniň ony goldamagy aşa möhüm.

Ykdysadyýet

Rohani 14-nji iýulda parlamentde eden çykyşynda bir topar maglumatlary aýan edip, olaryň ýurduň ykdysadyýeti barasynda Ahmedinejadyň administrasiýasynyň aýdýanyndan has agyrdygyny görkezýändigini aýan etdi.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Kamran Dadhah Orta Gündogar ykdysadyýetleri boýunça professor. Onuň aýtmagyna görä, Rohani ykdysadyýeti dogry ýola saljak bolsa, Ahmedinejadyň ýatyran "Plan we Býujet" guramasyny täzeden dikeltmeli. Iň möhümi hem ol Eýranyň ykdysadyýetine zyýan ýetirýän sanksiýalaryň käbirini ýeňilleşdirmegiň ýa aradan aýyrmagyň ýoluny tapmaly.

"Bu, dogrudan-da, gaty möhüm. Beýle etmese, onuň içerki işleri, haýsy iş bolsa-da, has kynçylykly we çykdajyly bolar" diýip, Dadhah nygtaýar.

Rohany sanksiýa meselesinde bir ýol tapjak bolsa, ilki bilen Eýranyň ýadro programmasy barada halkara jemgyýetçiliginiň ynamyny gazanmaly, şol bir wagtyň özünde-de Günbatar bilen eglişige gelmegiň Eýranyň bähbidinedigini Hameneýä ynandyrmaly.

Ýöne Eýran boýunça ekspert, professor Mehrdad Borujerdiniň pikiriçe, Rohani bu işi etjek bolsa, uzak ýoly geçmeli bolar: "Ýadro meselesi, diýeli, ertir çözüläýende-de - bu bir mümkin zat däl - sanksiýalaryň Eýranyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri tiz aýrylyp gitmez. Şol sebäpden men, mysal üçin, milli puluň hümmetiniň artmagy ýaly käbir gowulanmalara şaýat bolsak-da, ykdysady krizis dowam eder diýip pikir edýärin".

Beýleki wadalar

Rohaniden garaşylýan ýeke bu däl. Ol saýlaw kampaniýasynda eýran halkyna köpräk erkinlik bermek barada eden wadalaryny-da ýerine ýetirmeli.

Ýöne Rohaniniň 2011-nji ýyldan bäri öý tussaglygynda saklanýan oppozision ýolbaşçylar Mir Hoseýn Musewi bilen Mehdi Karrubini boşatmak baradaky wadasy, eger Hameneýi oňlamasa, başa barmaz.

Torontoda ýaşaýan eýranly žurnalist Şahram Rafizadeh muny şeýle düşündirýär: "Rohani Musewi bilen Karrubini öý tussaglyndan boşatmak barada beren wadasyny häzir ýerine ýetirip biler öýdemok. Ol sud häkimiýetleriniň başlygy ýa polisiýa güýçleriniň başlygy ýa beýleki işgärler bilen göni gürleşip, metbugatyň ýa medeniýetiň ýagdaýyny, şeýle hem sosial meseleleri gowulandyryp biler. Ýöne halkyň Rohaniden talap edýän özgerişleri başa barmajaga meňzeýär".
XS
SM
MD
LG