Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Öňki general ömürlik tussag edildi


Türkiýede protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar. 5-nji awgust, 2013 ý.
Türkiýede protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar. 5-nji awgust, 2013 ý.
Türkiýäniň sudy hökümeti agdarmak synanyşygynda aýyplanyp sud edilýän 275 adamyň işi bilen baglanyşykly höküm çykaryp başlady. Aýyplanýanlardan türk armiýasynyň öňki baştutany general Ilker Başbug ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

2008-2010-njy ýyllar aralygynda türk goşunyna baştutanlyk eden general Başbug bu aýyplamalary ret etdi.

Diňlenişikden soň aýyplanýanlardan 21 adam boşadyldy, galanlary bolsa dürli möhletler bilen azatlykdan mahrum edildiler. Türmä basylanlaryň arasynda oppozisiýanyň hataryndaky üç sany öňki parlament agzalary hem bar. Oar 12-35 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum edildiler.

Aýyplanýanlaryň arasynda ýokary derejeli harby ýolbaşçylar, aklawçylar, alymlar bilen bir hatarda žurnalistler hem bar. Olar ”Ergenekon” we ”Arson” atly terroristik guramalara agzalyk, bikanun ýarag saklamak, Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetini agdarmaga halky öjükdirmek ýaly maddalarda aýypanýarlar.

Sud diňlenişigi dowam edýän Siliwri türmesiniň töwereginde howpsuzlyk güýçleri berk çäre görüp, olar 5-nji awgustda sud binasy ýerleşýän etraba ýöriş geçirmäge synanyşan toparyň öňüni almak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

“Tankytçylardan ar almak praktikasy”

Türkiýäniň dünýewi oppozision partiýalary 2008-nji ýyldan bäri dowam etdirilýän bu sud diňlenişigine “tankytçylardan ar almak praktikasy” diýip at berip, bu meselede hökümeti ýazgarýarlar. Özlerini Türkiýäniň esasy kanunynyň goragçylary diýip atlandyrýan Türkiýäniň dünýewi armiýasy bilen ýurdy dolandyrýan yslamçy partiýanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dartgynlylyk gizlin däl.

Türk goşuny 1960-njy, 1971-nji we 1980-nji ýyllarda hökümeti agdarypdy. 1997-nji ýylda bolsa türk harbylarynyň basyşy sebäpli yslamçy lider Nejmetdin Erbakanyň hökümeti wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan 2002-nji ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri ýurtda ýüzlerçe harbylar tussag edildiler. Hökümetiň tankytçylary bu çäräni armiýany ýurduň syýasatyndan çetleşdirmek üçin alnyp barylýan göreş diýip häsiýetlendirýärler.

2012-nji ýylyň sentýabr aýynda Siliwride geçirilen beýleki bir sud diňlenişiginde öňki we häzirki döwürde wezipe başynda oturan 300-e golaý harby ofiser, hökümeti agdarmaga synanyşmak ýaly aýplamalar esasynda, dürli möhletler bilen azatlykdan mahrum edildiler.
XS
SM
MD
LG