Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 13 ýolagçy öldürildi


Pakistanyň günorta-günbatarynda söweşijiler awtobusyň 13 ýolagçysyny alyp gaçyp, soňundan hem olary öldürdiler.

Gowuşýan maglumatlara görä, ýolagçylar duşenbe güni giçlik Baluçistan welaýatyndan Punjaba tarap barýan awtobuslardan düşürilip alnypdyr. Söweşijileriň harbylaryň lybasynda bolandygy aýdylýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini, häzirlikçe, hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG