Sepleriň elýeterliligi

Kaşmirde 5 hindi öldürildi diýilýär


Hindistanyň Goranmak ministrligi dawaly Kaşmir sebitinde Pakistanyň esgerleriniň lybasyna geýnen, “agyr ýaragly 20 töweregi terroristiň” bäş hindi harbysyny öldürendigini aýdýar.

Hindistanyň harbylary muny ok atyşyklary bes etmek boýunça 2003-nji ýylda gelnen ylalaşygyň “düýpli bozulmagy” diýip häsiýetlendirdiler.

Pakistanyň harbylary muňa özleriniň dahylynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Mundan birnäçe gün öň, Pakistan tarapy Hindistan bilen ýaraşyk gepleşikleriniň täzelenmegini teklip edipdi. Hindi resmileri beýle wakanyň gepleşiklere we iki taraplaýyn gatnaşyklara oňaýly täsir etmeýändigini öňe sürýärler.

Kaşmir aglaba musulmanlaryň ýaşaýan sebiti bolup, ol hindi we pakistan dolandyryş sebitlerine bölünendir.
XS
SM
MD
LG