Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana Ablýazowy dolamak isleýär


Gazagystanyň Baş prokuraturasy gaçgak bank işgäri Muhtar Ablýazowyň ýurda getiriljekdigini söz berýär.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýiti tankytçysy Ablýazow geçen hepde Fransiýanyň günortasynda tussag edilipdi. Onuň 40 güne çenli tussaglykda saklanmagy boýunça höküm çykaryldy.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili sişenbe güni çykyş edip, Gazagystanyň Fransiýa bilen ekstradisiýa ylalaşygynyň ýokdugyny, emma iki tarap hem Ekstradisiýa boýunça Ýewropa konwensiýasynyň agzalarydygyny hem sözüne goşdy.

Täsirli oppozisiýa wekili Ablýazow Gazagystany 2009-njy ýylda terk edipdi. Ol 2011-nji ýylda Britaniýadan syýasy gaçybatalga aldy.

Gazagystanda oňa maliýe serişdelerini ogurlamak aýyplamalary ýöňkelýär. Ablýazow aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG