Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-ly senatorlar Kairde


ABŞ-nyň senatorlary Jon MakKeýn we Lindseý Graham Müsüre sapar edýärler. Olar ýurtdaky syýasy krizise parahatçylykly çözgüt tapmak ugrunda tagalla ederler.

MakKeýn we Graham Kaire duşenbe güni giçlik geldiler. Olar iki günüň dowamynda konsultasiýalar bererler.

3-nji iýulda yslamçy prezident Mohammad Morsi harbylar tarapyndan çetleşdirilenden soň, Müsürde ýagdaýlar dartgynlaşdy. Morsiniň nirede saklanýandygy äşgär edilmeýär. Oňa ençeme, şol sanda adam öldürmek aýyplamalary ýöňkelýär.

Morsiniň müňlerçe tarapdary onuň wezipe ygtyýarlyklarynyň dikeldilmegini talap edip, protest geçirýär. Morsi çetleşdirilenden bäri dörän gazaplylyklarda 250 töweregi adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG