Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiýiň tussaglyk möhleti azaldyldy


Russiýanyň Ýokary sudy tussaglykdaky Mihail Hodorkowskiýiň we onuň egindeşi Platon Lebedýewiň 11 ýyl tussaglyk möhletini iki aý azaltdy.

Sud bu baradaky kararyny sişenbe güni çykardy. Mundan öň Hodorkowsiýiň aklawçylary öz müşderileriniň tutulmagynyň bikanun we kesgitlenen türme möhletiniň adalatsyz bolandygyny öňe sürüp, suda şikaýat edipdiler.

Ýokary suduň çykaran höküminiň esasynda, Hodorkowskiý 2014-nji ýylyň awgustynda azatlyga goýberilip bilner. Lebedýewiň 2014-nji ýylyň maýynda tussaglykdan boşadyljakdygy çaklanylýar.

50 ýaşly Hodorkowskiý Russiýanyň iň baý adamlarynyň biridi. Emma ol prezident Wladimir Putin bilen tersleşenden soň, 2003-nji ýylda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG