Sepleriň elýeterliligi

Gürji mugallymlary synagdan geçirildi


Gürjüstanyň Bilim ministrliginiň öňünde okuwçylaryň protest geçirip duran mahaly.

Gürjüstanyň Bilim ministrliginiň öňünde okuwçylaryň protest geçirip duran mahaly.

Gowy habar: olaryň galplyga ýüz urmanlygy. Erbet habar hem, Magaryf ministrliginiň goýberen deslapky netijeleri boýunça, Gürjüstanyň mugallymlarynyň aglaba köplüginiň kwalifikasiýa synagyndan geçip bilmänligi.

Ministrligiň bildirmegine görä, mugallymlaryň 86 prosenti matematika synagynda bahalaryň iň azyndan 60 prosentini gazanyp bilmändir.

Synagdan ýykylanlaryň derejesi fizikada 96 prosent, jemgyýetçilik bilimlerinde 83 prosent, biologiýada hem 77 prosent.

Mugallymlaryň köplügi - 51 prosenti - diňe geografiýa synagyndan geçip bilipdirler.

Bu ýylky synaga gatnaşan mugallymlaryň sany takmynan 26 müň.

Ýaramaz netijeler syýasatçylaryň arasynda eýýäm birek-biregi aýyplama oýnuny turuzdy.

Prezident Mihail Saaakaşwiliniň "Birleşen Milli Hereket" partiýasynyň agzasy, parlamentiň wekili Sergo Ratiani bu netijelere getiren premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň "Gürji arzuwy" koalisiýasynyň alyp baran syýasaty diýýär: "Geçen birnäçe ýyllykda mugallymlara berlip gelnen türgenleşik we metodologik goldaw bu ýyl berilmedi. ”Gürji azuwy” saýlaw kampaniýasynda bu synagy garalamak üçin tagalla baryny etdi. Bu hem bu synag geçmişdäkiler ýaly kyn bolmaz diýen duýgyny oýardy".

"Netijeler täze zat däl"

Ýöne, ekspertleriň aýtmagyna görä, bu netijeler täze zat däl.

Tamar Mosiaşwili

Tamar Mosiaşwili

Tamar Mosiaşwili magaryf boýunça ekspert. Ol bu ýylky netijeler barada turan jedellere geň galyp, bu netijeleriň 2011-nji ýylda agzalýan synag girizileli bäri öňki ýyllarda gazanylan netijelerden tapawudynyň ýokdugyny belleýär: "Men bu meseläniň şu ýyl munça ünsi özüne çekenine geň galýaryn. Sebäbi biz indi üç ýyl bäri şu statistiki netijeleri alyp gelýäris. Bu üç ýyllykda şahadatnama alyp bilen diňe 9895 mugallym boldy. Bu hakykatyň bize ýaramazlygy mümkin. Ýöne bu biziň hakykatymyz".

Synagdan maksat mugallymlaryň taýýarlyk derejesine baha berip, kwalifikasiýalary gowulandyrmak üçin degişli programmalary düzmäge hökümete kömek etmek. Synagdan ýykylmak hem mugallymçylykdan çykarylmagy aňladanok.

10 ýylyň netijesinde

Gazanylan ýaramaz netijeler mugallymlaryň synagyna gözegçilik edýän Magaryf ministrliginiň milli synag merkezini hem lapykeç edene meňzeýär. Merkeziň direktorynyň orunbasary Iwa Mindadzäniň pikiriçe, hökümet ünsüni ilkinji nobatda synaga däl-de, öwrediş derejesini uzak möhletleýin ýokarlandyrmaga gönükdirmeli.

Boş synp

Boş synp

"Hökümet serişdelerini mugallymlara gönükdirmeli. Ol synag prosesi bilen mugallymlara indiwidual kömek berjek bolmaly däl. Serişde öwrediş kärini düýpli gowulandyrmaga sarp edilmeli. Meniň pikirimçe, geljekki mugallymlaryň okuwy üçin köp serişde goýberilmeli bolar" diýip, Mindadze aýdýar.

Mosiaşwili öwrediş derejesini bir günde gowulandyryp bolmajagy bilen ylalaşýar. Onuň pikiri şeýle: "Käbir 60 ýaşly mugallymlaryň professionallyk derejesini ösdürmelimi ýa-da uniwersitetlerimiziň programmalaryny gowulandyryp, zehinli ýaş studentleri mugallymçylyga çekmelimi? Biz şu zat barada oýlanmaly. Şu zat barada şu wagt oýlanmaga başlasak, onuň netijesini ýene on ýyldan göreris".

Ýöne bu çagalarynyň, ine, sentýabrda mekdeplere dolanmagyna taýýarlanýan ene-atalaryň eşitmek isleýän jogaby däl bolsa gerek.
XS
SM
MD
LG