Sepleriň elýeterliligi

ABŞ raýatlaryny Ýemenden çykmaga çagyrýar


ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň Ýemendäki möhüm bolmadyk ähli işgärlerine ýurdy terk etmäge görkezme berdi. Şeýle-de Döwlet departamenti terroristik hüjümleri bilen bagly howatyrlar sebäpli, Ýemendäki ähli amerikan raýatlaryny “tizden-tiz” ýurtdan çykmaga çagyrdy.

“Al-Kaýda” hereketiniň ýolbaşçysy Alman Al-Zawahriniň Ýemendäki bölümine hüjümleri amala aşyrmak görkezmesini berenden soň, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky we Afrikadaky ençeme diplomatik missiýasy ýapylypdy.

Mundan öň, Ýemeniň resmileri ABŞ-nyň pilotsuz uçarlarynyň ýurtda amala aşyran howa zarbasynda “Al-Kaýdanyň” wekili bolmakda güman edilýän dört adamyň öldürilendigini habar beripdiler. Öldürilenleriň ikisiniň hereketiň ýokary derejeli agzalarydygy çaklanylýar.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Norwegiýa hem özüniň sebitdäki ençeme ilçihanasyny ýapdy.
XS
SM
MD
LG