Sepleriň elýeterliligi

Nurmämmet: "Ýol süpürijiler gul ýaly işledilýär"


Köçe süpüriji

Köçe süpüriji

Türkmenistanda köçeleriň tämizligine seretmek kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenilýär. Köçe süpürijiler, atlandyrylyşyndan hem mälim bolşy ýaly, uzak günüň dowamynda, köp halatlarda baýramçylyk günleri hem köçede işlemeli bolýarlar.

Köçe süpürijileriň aglabasy aýal-gyzlardan ybarat. Muňa Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gowuşýan habarlardan we suratlardan hem göz ýetirse bolýar. Suratlarda tämizlik işlerini amal edýän gelinler bilen bir hatarda, ýaşy bir çene ýeten eneleri hem görmek bolýar.

Azatlyk Radiosy kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleriniň gündelik durmuşy bilen gyzyklanyp, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeşlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG