Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halit Ali: "Siriýada türkmenlere gorag ýok"


Siriýaly aklawçy Halit Ali (sagdan ikinji), Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan (sagdan üçünji) we Türkiýede ýaşaýan siriýaly türkmenler
Siriýaly aklawçy Halit Ali (sagdan ikinji), Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan (sagdan üçünji) we Türkiýede ýaşaýan siriýaly türkmenler
Siriýadaky uruş hemmeler bilen bir hatarda ol ýurtda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda hem uly kynçylyklar döredýär. Obadyr-şäherlerine hüjüm edilýän Siriýadaky türkmenler mejbury ýagdaýda ýurduny terk edip, Türkiýä bosgun bolup gelýärler.

Siriýaly türkmenlerden adwokat, ýagny aklawçy Halit Ali, Siriýadaky Gojalar atly türkmen obasynda öz maşgalasynyň başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, siz Siriýanyň niresinden we häzir nirede ýaşaýarsyňyz?

Halit Ali: Men Halap türkmenlerinden. Özüm aklawçy we häzir Stambulda ýaşaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, Siriýada siziň maşgalaňyzyň başdan geçiren gaty gynançly bir wakasy bar diýdiler. Şol waka näme? Dünýä türkmenlerine bu barada maglumat beräýseňiz?

Halit Ali: Hiç hili sebäp ýokka käbir ýaragly araplar biziň obamyza hüjüm etdiler. Obamyzyň ady Gojaly. Ol Türkiýäniň Gaziantep şäheriniň Ilbegli diýen ýerine has ýakyn. Ýagny Türkiýe-Siriýa serhedine bir kilometrden hem ýakyn türkmenleriň Gojaly obasy. Biziň obamyza hüjüm eden araplar harby serişdeleri Türkiýeden alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, Gojaly diýen siziň türkmen obaňyza edilen hüjümiň maksady näme bolup biler?

Halit Ali: Munuň sebäbi, olar şol sebitde özlerinden başga güýç islemeýärler. Siriýadaky türkmenler birleşip, harby serişde edinip bilseler hiç kim şonda şeýle hüjümler gurnap bilmez. Mundan owal hem Siriýadaky türkmenlere garşy şuňa meňzeş iki hüjüm edildi.

Siriýaly tükmen çagalary
Siriýaly tükmen çagalary
Azatlyk Radiosy: Siriýadaky türkmenleriň birleşip, näme harby hem syýasy güýje öwrülmek maksady barmy?

Halit Ali: Elbetde, Siriýadaky türkmenleriň hem özbaşdak bir güýç bolmaklyk maksady bar. Ýöne gynansagam, siriýaly türkmenlere bu ugurda goldaw berýän ýok. Şeýle sebäpden hem Siriýada türkmenleri birleşdirip bilenoklar. Türkmenlerden biri dagy aýaga galjak bolsa derrew oňa garşy çäre görýärler.

Azatlyk Radiosy: Siriýadaky Gojaly atly oba edilen hüjümiň ylaýta-da siziň maşgalaňyza nähili täsiri boldy?

Halit Ali: Oba hüjüm eden ýaragly käbir arap toparlar, kakamy, doganoglanymy we daýzamyzyň oglyny özlerine tussag edip alyp gitmek islediler.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin kakaňyzy, doganoglanyňyzy we daýzaňyzyň ogluny tussag edip, alyp gitmek islediler?

Halit Ali: Sebäbi olar Gojaly obasynyň liderleridi. Şonuň üçin olary tussag edip, özlerine boýun egdirmek islediler. Siriýada türkmenleriň ýaragly araplara hyzmat etmegini isleýärler. Ýaragly arap toparlary sebitde türkmenleriň özleri bilen bäsleşip biljek güýje öwrülmegini islänoklar.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, onda şeýle diýip bilerismi, Siriýada uruş diňe Başar Asad bilen garşydaşlarynyň arasynda däl, eysem türkmenler bilen ol ýerdäki başga halklaryň öz arasyndada bar. Şeýlemi?

Halit Ali: Hawa, elbetde ýagdaý bar. Ynha, şonuň üçinem obamyza gelip baştutanlarymyzy almak islediler. Biz bolsa olary bermek islemedik. Onsoň olar oba halkynyň üstüne ot açdylar. Şeýlelik-de, çaknyşyk döredi we ikitaraply atyşyk başlady. Gynansagam, obamyzyň liderleri bolan kakamy, doganoglanymy we daýzamyň oglyny ýitirdik. Olar şehit boldylar.

Şonda ýaragly arap toparlaryndan hem iki adam öldi. Gojaly obasyndaky türkmenleriň bar harby serişdesi ýekeatar aw tüpeňleri. Obany basanlarda bolsa döwrebap awtomatiki tüpeňler bardy. Şol ýaragly arap toparlary Halapdaky iň uly harby birleşik bolan Liwat-Tewhide degişli.

Azatlyk Radiosy: Töwerekdäki türkmenleriň ýaşaýyş ýerlerinden size kömege gelen bolmadymy ýa-da size arka çykan bolanokmy?

Siriýaly türkmenler
Siriýaly türkmenler
Halit Ali: Netijede, edilen jenaýata garşy hiç kim çäre görmedi. Daş-töwerekdäki türkmen obalaryndan köp adam kömek etjek bolup geldi. Emma, ýaragly toparlara garşy durup biljek güýjümiz ýokdy. Meselem, Azat Siriýa goşuny bar. Ilki bilen şolar kömek etmelidi.

Ýöne etmediler. Olar isleseler ýaragly toparlardan jogapkärçilik talap edip bilerdi. Azat Siriýa goşunyndan adamlar Gojaly diýen türkmen obamyza gelip, çäre görjeklerini aýdyp gitdiler. Ýöne bir netije bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siriýa-Türkiýe serhedindäki Gojaly atly türkmen obasyndaky şol waka haçan boldy?

Halit Ali: Şol waka mundan bir ýarym aý owal boldy. Türkiýeden goldawa hem kömege garaşýardyk. Ýöne Türkiýeden hem bir goldaw bolmady.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, seniň özüň aklawçy. Seniň pikiriňe görä, şeýle wakalara garşy näme edilip biliner ýa-da nähili çäreler görülmeli?

Halit Ali: Şeýle iş edýänleri jezasyz goýmak bolmaz. Azat Siriýa goşuny şeýle hereket edýänleri jezalandyrmaly. Azat Siriýa goşunynyň kazyýetleri döredildi we sudlary işläp dur. Käbir adamlara jeza berýärler. Emma, biziň Gojaly obamyza gelip liderlerimizi ýagny meniň hem kakamy, hem-de doganoglanymy we daýzamyň oglyny öldürenlere şu wagda çenli jeza berilmedi.

Azatlyk Radiosy: Halit Ali, näme üçin jeza berilmedi diýýärsiňiz. Munyň bir aýratyn sebäbi bolup bilermi? Siz bir aklawçy hökmünde öldürilen ýakyn hossarlaryňyz üçin nähili işler edýärsiňiz?

Halit Ali: Wakanyň esasy maksadyny bilýän ýok. Bolan wakanyň üstüni ýapmak isleýärler. Aklawçy hökmünde jogapkär ýolbaşçylar bilen görüşmek isledim. Türkiýedäki Siriýa türkmenleriniň mejlisi bilen görüşdim. Olaryň hem bolan wakadan habary bar.

Azatlyk Radiosy: Siriýa türkmenleri mejlisi, Azat Siriýa goşuny tarapyndan ykrar edilen bir guramamy we mejlisiň isleglerini göz öňünde tutýarmy?

Halit Ali: Käwagt gulak asan mahaly bolýar. Siriýa türkmen mejlisi halkara derejede ykrar edilmeýän hem bolsa, Siriýada ykrar edilýär. Bu wakadan Siriýa koalisiýasynyň hem habary bardy. Ýöne hemmesi bu işi harby mejlisiň ygtyýaryna berdiler. Harby mejlis hem hiç hili çäre görmedi.
XS
SM
MD
LG