Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz deputatlarynyň arzasy gaýtaryldy


Gyrgyzystanyň Ýokary sudy üç oppozision kanunçykaryjynyň aklanmagy hakyndaky sud işini yzyna gaýtardy we olary hökümeti agdarmaga synanyşmakda günäli tapdy.

Şeýle-de, sişenbe güni giçlik Ýokary sud Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komisiýasyna kanunçykaryjylaryň parlamentdäki wezipeleriniň ýatyrylmalydygy barada buýruk berdi.

Mart aýynda oppozision “Ata-Jurt”, ýagny “Ata-Watan” partiýasynyň üç lideri aýyplamalar esasynda günäli tapylyp, 1 ýyl bilen 18 aý aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Emma iýun aýyndaky sud diňlenşigi döwründe Kamçybek Taşyewiň, Sadyr Japarowyň we Talant Mamytowyň tarapdarlary sudýalara hüjüm edenden gysga wagt soň, olar aklanypdy. Bişkegiň şäher prokuraturasy bolsa, olaryň aklanmagyna şikaýat edipdi.

Agzalýan oppozision liderler Bişkekdäki hökümete garşy ýowuz protestlerde rollarynyň bardygy aýdylyp, oktýabr aýynda tussag edilipdiler.

Japarow çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Ýokary suduň gelen kararynyň syýasy maksatlydygyny aýdyp, özüniň oppozision işlerini dowam etdirjekdigine söz berdi.
XS
SM
MD
LG