Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçide partlama boldy


Pakistanyň Karaçi şäherindäki futbol meýdançasynda partlama boldy. Partlamada azyndan 11 adam ölüp, 20-den gowragy hem ýaralandy. Bu barada Pakistanyň "Geo" telekanaly habar berýär.

Pakistanyň ýerli polisiýa resmisiniň berýän maglumatyna görä, bomba çarşenbe güni ir bilen welaýat ministriniň ulagynyň golaýynda partladylypdyr. Bombanyň partlan mahaly, ministr Jawed Nagori ýerli çagalaryň futbol komandasynyň arasynda oýnalýan futbol ýaryşyny tomaşa edip bolupdy. Nagori bu partlamadan aman galdy.

Karaçi şäheriniň ýerli deputaty Sania Naz, partlamada ölenleriň alty hem-de 15 ýaş aralygyndaky çagalardygyny aýtdy.

Ýerli keselhana resmileri hem, ýaralananlaryň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG