Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: 6 söweşiji öldürildi


Ýemeniň günortasynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy netijesinde “Al-Kaýdanyň” söweşijileri diýilip gümän edilýän alty adam öldürildi. Bu barada Ýemeniň howpsuzlyk güýçleri habar berýär.

Maglumatlara görä, Ýemeniň Şabwa welaýatyndaky bu hüjüm soňky iki hepdäniň dowamynda amala aşyrylan howa zarbalaryň bäşinjisidir.

Bu hüjüm ABŞ-nyň ýekşenbe güni Ýakyn Gündogardaky diplomatik missiýalaryny ýapmagynyň yzýany amala aşyryldy.

ABŞ we Britaniýa özüniň Ýemendäki ilçihanasynyň işgärlerini ýurtdan çykardy.
XS
SM
MD
LG