Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Migrant reýdleriniň sebäbi näme?


Bikanun migrantlaryň lageri
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:48 0:00

Bikanun migrantlaryň lageri

Öten hepde bolan wakalar bir zadyň nyşany bolsa, onda ol Orsýetiň bikanun migrantlarynyň ýagdaýynyň agyrdan has-da agyrlyga tarap süýşýändigini görkezýär.

Moskwada öten hepde polisiýa Wýetnamdan, Azerbaýjandan, Siriýadan, Morokkadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Müsürden gelen 1400 zähmet migrantyny tutdy. Olaryň 600-den gowragy, deport edilýänçä, çadyrlardan gurlan lagerlere dykyldy.

Bu aralykda Orsýetiň migrasiýa häkimimiýetleri ýurduň dürli ýerlerinde 80-den agdyk tussaghananyň gurulmagyna çagyrdylar. Bu hem bikanun işçilere garşy göreşiň indi güýjeýändigini aňladýar.

Synçylar bu işleriň geljek aýda geçjek regional saýlawlaryň öňüsyrasynda milletçilikli garaýyşly orslara eglişik hökmünde edilýändigine ynanýarlar.

Para-peşgeş

Emma Orsýetiň migrantlar federasiýasynyň başlygy Mohammad Majumder ýaly tankytçylar bu hereketde migrasiýa baradaky hakyky problemanyň, ýagny polisiýanyň we býurokratlaryň arasynda giňden ýaýran korrupsiýanyň, parahorlugyň we dellallaryň resmi dokumentler üçin aşa ýokary töleg alýandygynyň görmezlige salynýandygyny belleýärler.

"GDA-nyň raýatlary iş rugsaty üçin gümrükde diňe iki müň rubl tölemeli. Ýöne iş ýüzünde olaryň töleýäni 20 müň rubl bilen 25 müň rubl aralygynda. Bu bir harajat meselesi. Biziň döwlet işgärlerimiz müňlerçe şular ýaly dellallyk kompaniýasyny döredýärler. Bu migrantlaryň hasabyna döredilen bikanun söwda işi" diýip, Majumder aýdýar.

Majumderiň sözlerine görä, Orsýetiň 10 million zähmet migrantynyň 90 prosenti ýurtda bikanun galýar. Olaryň kemsitmelere, aldawa we zorluga sezewar edilmegine sebäp bolýan hem şu fakt.

Käbir adamlar bir hepdä çeken reýde sebäp bolan waka salgylanýarlar. Bu wakanyň mazmuny şeýle… Dagystanly garpyz satyjylar Halimat we Magomed Rasulow Moskwanyň Matweýewskiý bazarynda bir polisiýa işgärine hüjüm edip, ony agyr ýaralaýarlar. Bir çetde duran beýleki polisler hem ara goşulmaýar.

Tankytçylaryň we prezident Putiniň, şeýle-de satyjylaryň özleriniň-de aýtmagyna görä, hüjüme sebäp bolan zat - Rasulowlaryň para tölemekden boýun gaçyranlygy.

"Kemsitme"

Enwer Kisriýew Orsýetiň Ylymlar akademiýasynda Kawkaz boýunça ekspert. Ol demirgazyk kawkazly işçileriň - migrantlardan tapawutlylykda, - ors raýatlary bolsalar-da, iň agyr kemsidilmelere sezewar edilýändigini aýdýar: "Söwdagärleriň ählisi uçdantutma para töleýärler. Hemmeden köp töleýänler hem kawkazlylar. Munuň sebäbi olar baradaky elhenç duşmançylyk. Dagystanyň daglarynda garpyz bitenok. Olar ony Astrahandaky garpyz baronlaryndan öz pullaryny, garyndaşlarynyň pullaryny howp astyna salyp, satyn alýarlar. Maksat töwekgelçilige bil baglap, bu ýere getirip, garpyzdan az-kem gazanç etmek".

"Memorial" ýaly hukuk toparlarynyň bellemegine görä, edilen reýdlerde ýygnalan migrantlaryň özlerine kanuny bozmakda ýöňkelýän aýyplamalar boýunça dokument talap etmäge hukugy bar. Olar 3 sagatdan artyk saklanmaly däl.

Goldaw

Käbir adamlaryň garaýşyça, 8-nji sentýabrda geçjek regional saýlawlardan edil bir aý öň bazarlara edilýän hüjüm daşary ýurtly migrantlara duşmançylykly garaýan orslaryň goldawyny gazanmak üçin bilgeşleýin ulanylýan taktika.

Polisiýanyň öňki maýory Alekseý Dimowskiý bazarlar polisiýa üçin güýçli gazanç çeşmesi diýýär: "Ozal Noworossiýsk şäheriniň territoriýasynda 3 bazar bardy. Bu bazarlaryň hemmesine polisiýa kontrollyk edýärdi. Ýadymda, olar bu bazarlaryň ählisinden para toplaýardylar. Berilýän paralar, miwe, pul, gök önüm ýaly zatlardy. Ýa-da polisiýanyň bir işgäri täjiklerden, özbeklerden peýdalanyp, bir daça gurdurýardy. Onsoň ol bulara gerek iýmiti nireden alsyn? Baryp, [pul tölemän,] bazardan alyp gaýdýardy".
XS
SM
MD
LG