Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama “G-20” sammitine gatnaşar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Russiýada geçiriljek “G-20” sammitine gatnaşjakdygyny tassyklady. Şol bir wagtda-da, Obama ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdene Moskwanyň gaçybatalga bermeginden “nägile bolandygyny” hem sözüne goşdy.

Waşington Snowdeni içalyçylyk aýyplamalary esasynda jogapkärçilige çekmek isleýär. Milli howpsuzlyk agentliginiň öňki işgäri Snowden ABŞ-nyň bütin dünýäde alyp baran giň gerimli gözegçilik programmasy barada metbugata maglumat syzdyrypdy.

Obama sişenbe güni NBC telekanalynyň “Tonight Show with Jay Leno” gepleşiginde çykyş edip, gözegçilik programmalarynyň adamlaryň şahsy hukugyny bozmaly däldigini, emma şol bir wagtda-da olaryň terroristik hüjümleriň öňüni almak üçin gurnalýandygyny nygtady.

Obama bu barada şeýle diýdi: “Biziň ýygnaýan bu aňtaw maglumatlarymyz terrorizme garşy göreşdäki esasy gurallaryň biridir. Elbetde, jenap Snowden we äşgär edilen maglumatlar adamlarda esli soraglary döretdi. Emma bu wakalaryň ýüze çykmagynyň yzysüre-de belläp geçişim ýaly, bu programmalaryň aglabasy men işe girişmezimden öň ulanylyp başlanypdy. Men muňa käbir müňkürlik bilen garaýan. Meniň pikirimçe, biz hökümetiň alyp barýan işlerine sagdyn skeptisizm bilen garamaly”.

Geçen hepde Russiýa Snowdene bir ýyl möhlet bilen gaçybatalga berdi. Ol 23-nji iýundan bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroporynda ýaşaýardy.

ABŞ-nyň prezidenti sişenbe güni eden çykyşynda Russiýanyň wagtal-wagtal “Sowuk uruş döwründäki pikirlere” uýýandygyny belledi. Şeýle-de Obama “häzirki hyzmatdaşlygy has netijeli alyp barmak üçin päsgelçilikleri görmeýändigini” sözüniň üstüne goşdy.

Obama şu güýzde Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek “G-20” sammitine gatnaşjakdygyny tassyklady. Emma gepleşikleriň dowamynda prezident Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyp-duşuşmajakdygy barada takyk maglumat bermedi.

Prezident Obama Moskwanyň Owganystan we terrorizme göreş ýaly meselelerde hyzmatdaşlyk edýändigini hem çykyşynda nygtap geçdi.
XS
SM
MD
LG