Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzyň ilat arasynda “Baý bazar” diýlip atlandyrylýan bazarynda sişenbe güni irden uly ýangyn ýüze çykdy. Ýerli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, wakada bazara uly zeper ýetipdir.

Bazarda ýangyn ýüze çykansoň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan onuň daş töwereginiň ýapylandygy, ýangyn söndürýän edaralaryň tagallalaryna garamazdan ýangynyň öýläne çenli dowam edendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanalynyň "Watan" habarlar programmasynda aýdylşyna görä, şol waka bilen bagly degişli ýolbaşçylara käýinç hem berilipdir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýewiň Daşoguzdaky dörän ýangyn bilen bagly berýän gürrüňini diňlemek üçin, aşaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG