Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gaty yssy bolanda, iş ýatyrylýardy"


Lebaply daýhan saýada dynç alýar.
Lebaply daýhan saýada dynç alýar.
Türkmenistan gurak howaly, çöllük ýurt bolansoň, sowet döwrüniň yssy howa şertlerinde işleýän adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen düzgünleri henizem süýjülik bilen ýatlanylýar.

Ýurt garaşsyz bolanyndan soň, öňki prezident S.Nyýazow sowet döwrüniň sosial gorag, ýeňillik, öwez puly kanunlarynyň bir toparyny ýatyrdy diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Golaýda Türkmenistanda howanyň gyzgynlygy käýerlerde 50 gradusdan geçende, adamlar sowet döwrüniň adatdan daşary yssy howa şertlerinde işleýän adamlar üçin girizen ýeňilliklerini ýatlap, olaryň dikeldilmegini arzuw etdiler diýip, bize gowşan habarlarda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele barada Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG