Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Şeme dönüp, aglap ýanmaly boldum"


Ýanyp duran şem
Ýanyp duran şem
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky täze goşgulary

Şem
Şahyr Halyl Kulyýewiň ruhuna ýüzlenme

Umydym çykmady diri kowmundan,
Köňlüm gubar baglap, kän ýandy ädim.
Başga bir sygnara pir, kämil tapman,
Ruhuň gaşyna geldim, ussadym!

Ýöne meni ejiz saýma, ussadym,
Nurana ykbala aşykdym başda.
Ýazda ak gül bolup açylmak üçin,
Ak gar bolup ýagdym çillede, gyşda.

Gije azaşana ýol, salgy bolup,
Hözirli öwzarda ojaga dönüp.
“Çillede üşänler çoýunsyn” diýip,
Güwläp tutaşjakdym ojara dönüp.

Howurly çyn oda dönüp bilmedim,
Nämähremler ot üstüne suw sepdi.
Kimse ot üstüne gum, çäge sürse,
Kimse kesindini dözümli depdi.

Şeýdip kem-kem düşüp aýak astyna,
Ejiz, asgyn düşüp, sönmeli boldum.
Yrak, daş çekilip ýowuz sülsatdan,
Şeme dönüp, ýalňyz yanmaly boldum.

Şem sazak däl lowlap, güwläp ýanara,
Şem ýananda deslap ýanýar ser, başy.
Şem ýananda çekgesinden, dulukdan,
Syrygyp, damjalap dökülýär ýaşy.

Pynhan ýerde ýalňyz ýanmak bar pişäm,
Halymdan bihabar halaýyk, uly il.
Şeme dönüp, aglap ýanmaly boldum,
Şeme dönüp, aglap öçerin, Halyl!

Dana hem daýhan

Danadan sorady bir gün halaýyk:
-Dana, ähli zady bilýärmiň, aýt sen?!
Diýdi: “Hemme zady hemme bilýändir,
Biliň, men hemme däl rastym diýsem”.
Oňa sowal berdi bir daýhan adam:
-Hemme kişi dünýä indimi eýsem?
XS
SM
MD
LG