Sepleriň elýeterliligi

Obama Putin bilen duşuşygyny ýatyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen indiki aý geçirilmegi planlaşdyrylýan ýekebara duşuşygyny goýbolsun etdi.

Çarşenbe güni Ak tamyň ýaýradan maglumatynda, geçen hepde Orsýetiň ABŞ-nyň öňki aňtaw gullygynyň işgäri Edward Snowdene wagtlaýyn gaçybatalga bermegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem dartgynlaşdyrandygy nygtalýar.

Obama Sank-Peterburgdaky “G20” sammitine gatnaşar.

Kerml bolsa, Obama Moskwa etjek saparyny goýbolsun edeni üçin Orsýetiň lapykeç bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, Kreml ABŞ-nyň entäk hem Orsýet bilen “deň esasly” gatnaşyklara taýýar däldigini hem sözüne goşdy.

Birleşen Ştatlar Snowdeni ABŞ-nyň gizlin gözegçilik programmalary baradaky dokumentleri syzdyranlygy üçin, içalyçyk aýyplamalary bilen gözleýär.

Orsýet bolsa, geçen hepde Snowdene bir ýyllyk wagtlaýyn gaçybatalga beripdi.
XS
SM
MD
LG