Sepleriň elýeterliligi

Remezan: Uzak garaşdyran agzaçar


Agzaçara niýetenen tagamlar.

Agzaçara niýetenen tagamlar.

8-nji awgustda, penşenbe güni, musulmanlaryň aglabasy remezan aýynyň soňlanmagy mynasybetli "Eid al-Fitr", ýagny Oraza baýramyny belleýärler.

Halkara Gün kalendaryna däl-de, Aý kalendaryna esaslanýan Oraza ýylyň her bir möwsümine gabat gelip bilýär.

Yslamyň bu mukaddes aýy şu ýyl demirgazyk ýarymşarda 1980-nji ýyllardan bäri ilkinji gezek tomsuň uzak günlerine gabat geldi.

Agyz bekleýän musulmanlar üçin bu örän uzak we yssy günlerde daňdandan agşama çenli hiç bir zat iýip-içmezligi aňladýar.

Oraza tutmak aýratyn-da tomus aýlarynda gije-gündiz diýen ýaly ýagty bolýan skandinaw ýurtlarynda kynçylyk döredýär.

Dünýäniň iň demirgazygynda ýerleşýän Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide gün agşam sagat 10:30-da ýaşyp, sanlyja sagat soňra ýene-de dogýar.

3-4 sagat

10 ýyl bäri Helsinkide ýaşaýan tatar müftüsi Ramil Bilal uzak tomus günlerinde ýerli musulmanlar üçin gije iýip-içere 3-4 sagatdan köp wagt bolmaýandygyny aýdýar.

"Bu ýyl biz öz aramyzda hemmeler ilkinji günden başlap agyz beklemäge synanyşmaly diýip ylalaşdyk. Eger 20 sagatlap aç-suwsuz gezmek kimdir birine kyn düşse, ol ýene bir gün synanyşmaly. Bu-da bolmasa, onda ol oraza tutmagy goýup, onuň deregine soňra gyş aýlarynda agyz bekläp bilýär. Biz şeýle hem adamlar Saud Arabystanynyň wagtyna laýyk oraza tutup bilýärler diýip teklip etdik. Saud Arabystanynda agzaçar sagat 7 bilen 7:30 aralygynda bolýar, Helsinkide bolsa 10 bilen 10:30 aralygynda bolýar. Bu aradaky üç sagat käbir musulmanlar üçin uly tapawut bolup bilýär" diýip, Bilal gürrüň berýär.

Häzir Finlýandiýanyň bir özünde azyndan 60 müň musulmanyň ýaşaýandygyna ynanylýar. Bularyň arasynda türkler-de bar, araplar-da bar, tatarlar we bosniýalylar-da bar.

Demirgazygyň howasynyň, aýratyn-da tomus aýlarynda oňaýly taraplary-da bar. Mysal üçin, Helsinkide gündizine temperatura 24 gradusyň töwereginde bolýar. Bu 38 gradusly Mekge bilen deňäniňde ep-esli salkyn.

Uzak tomus günlerinden soňra uzak gyş gijeleri gelýär. 2030-njy ýylda remezan aýy demirgazyk ýarymşarda gyşa ýakyn geler. Ýöne skandinawiýaly käbir musulmanlar aşa uly tapawutlardan dynmak üçin her ýyl Saud Arabystanynyň wagtyna eýermegi teklip edýärler.

Bilalyň aýtmagyna görä, musulmanlaryň köpüsi hatda Finlýandiýanyň tomus aýlarynda bir günüň 23 sagada deň bolýan ýerlerinde-de bu kynçylyga çydaýarlar.

"Finlýandiýanyň demirgazyk şählerleinde gijeler mundan hem gysga - diňe birje sagat - bolýar. Musulmanlar bu ýerlerde agyz beklänlerinde, günortadaky özlerine iň ýakyn welaýatyň wagtyna eýerýärler. Şeýdip, 2-3 sagat aratapawut emele gelýär. Özüm barada aýtsam, bu meniň 20 sagatlap agyz beklemek barada edinen ilkinji tejribäm. Kyn bolar diýip pikir edipdim. Ýöne, Allanyň islegi bilen, muny ýerine ýetirdik. Beýle aňsat düşer oýtmändim" diýip, Bilal öz tejribesinden gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG