Sepleriň elýeterliligi

BMG: “Al-Kaýda” entek hem howply


BMG-a hödürlenen hasabatda “Al-Kaýdanyň” lideriniň emele gelen dürli ownuk toparlary birleşdirmäge synanyşýandygy, şol bir wagtda toparyň entek hem ulalyp barýan howp bolmagyna galýandygy aýdylýar.

Çarşenbe güni ekspertleriň bir topary tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine hödürlenen raportda aýdylmagyna görä, “Al-Kaýdanyň” täze lideri Aýman al-Zawahriniň Pakistanda toparyň liderliginiň özenini dikeltmekde üstünliksiz bolandygy nygtalýar.

Raportda “Al-Kaýda” bilen ilteşikli dürli ownuk toparlaryň entek hem özleriniň taktikalaryny uýgunlaşdyrýandygy we täze maksatlaryň gözlegindedigi, ýöne olaryň heniz hem ölüm howply hüjümleri amala aşyrmaga ukyplydygy bellenilýär.

Raportda bellenmegine görä, “Al-Kaýda” we onuň bilen ilteşikli ownuk toparlar “öňküsinden has dürli we tapawutly bolup, olar diňe özleriniň erkin ideologiýalary we terrorçylykly ýowuzlyga bolan yhlaslylygy babatda biri-biri bilen baglanyşýarlar.”
XS
SM
MD
LG