Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa: Öňki baş prokuror aklandy


Moldowada ýurduň öňki baş prokurory Waleriýa Zubko aw mahaly bir adamyň atylyp öldürilmegi bilen ilteşikli iş boýunça günäsiz tapyldy. Bu baradaky degişli hökümi Kişinýew şäheriniň sudy çykardy.

Çarşenbe güni sudyň gelen karary barada Modowanyň metbugaty habar berdi. Zubko dekabr aýynda awa giden mahaly öldürilen işewüriň derňewine täsir ýetirip biler diýilip, ýanwar aýynda wagtlaýyn wezipesinden çetleşdirilipdi.

Şol wakadan soň Zubkonyň Moldowany birnäçe günlük terk etmegi, ol barada güýçli tankytlaryň döremegine sebäp bolupdy.

Zubko bu wakanyň üstüni ýapmaga synanyşmakda aýyplandy. Bu hem öz gezeginde, Moldowada bäş aýlap syýasy krizisiň döremegine sebäp boldy.

Häzirlikçe Zubkonyň öz wezipesine dolanyp-dolanmajagy belli däl.

Moldowanyň Bütewilik boýunça milli komisiýasy bolsa, suduň kararyny şikaýat etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG