Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Partlamada 10 adam öldi


Owganystanyň günortasyndaky mazarlykda amala aşyrylan partlamada azyndan 10 adam öldi. Bu barada owgan resmileri habar berýär.

Penşenbe güni bolan bu wakanyň şaýatlarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bomba Nangarhar welaýatynyň Gani Hel etrabyndaky mazarlygyň ybadathanasynda partladylypdyr.

Partlamada başga-da ençeme adam ýaralandy.

Partlamada heläk bolanlaryň sany Nangarhar welaýatynyň polisiýasynyň sözçüsi Hazrat Hussain Maşirikwal tarapyndan tassyklandy.

Häzire çenli hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Bu hüjüm Remezan baýramynyň bellenilýän güni amala aşyryldy. Şeýle-de, musulmanlaryň köpüsi bu baýramçylyk döwründe aradan çykan garyndaşlarynyň mazaryna zyýarata barýarlar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý telewideniýede eden çykyşynda, “Talyban” hem-de beýleki söweşiji toparlara ýowuzlyklary bes etmäge we parahatçylykly gepleşiklere gatnaşmaga çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG