Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-gürji urşuna bäş ýyl boldy


Gürjüstan seperatist günorta Osetiýa regiony sebäpli Orsýet bilen arasynda 2008-nji ýylda bolan urşuň bäş ýyllygyny belleýär.

Penşenbe güni Gori şäherinde uruşda pida bolanlary ýatlamak üçin ençeme çäreler we harby parad geçirildi.

2008-nji ýylyň awgust aýynda bolan bäş günlük uruş rus güýçleriniň gürji goşunyny Günorta Osetiýadan gysyp çykarmagy bilen tamamlanypdy. Moskwa Günorta Osetiýanyň we Gürjüstanyň beýleki seperatist regiony Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.

Çarşenbe güni Günorta Osetiýanyň Moskwadaky ilçihanasy hem şol çaknyşykda pida bolan osetiýalylary ýatlamak maksady bilen çäre geçirdi.

Çarşenbe güni Gürjüstanyň prezidentlik möhleti tamamlanyp barýan prezidenti Mihaiýl Saakaşwili "Tbilisi hiç haçan öz territoriýalaryny bermez" diýip, Moskwa bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkin däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG