Sepleriň elýeterliligi

Habarowsk suw joşgunyna taýýarlanýar


Orsýetiň günortasyndaky Habarowsk şäheriniň ýolbaşçylary Amur derýasynyň suwunyň ýokary galmaga dowam edýändigi sebäpli territoriýada has köp suw joşgunynyň bolmagynyň mümkindigini aýdyp, ýaşaýjylaryň oňa taýýarlyk görmegi üçin duýduryş berdi.

Bu duýduryş, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň ýerli bölüminiň Amur derýasynyň suwunyň derejesiniň 24 sagatda 13 santimetr ýokary galandygyny aýtmagynyň yzýany berildi.

Orsýetiň uzak gündogaryndaky howa maglumaty bölüminiň çaklamalaryna görä, derýanyň suwunyň derejesi 11-nji awgusta çenli häzirki durkunda saklanar, ýöne 14-nji awgustdan başlap bolsa suwuň derejesiniň 100 metrden hem ýokary göteriljekdigi barada duýduryş berilýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi, 16-17-nji awgustda Habarowskda suw joşgunynyň boljakdygyny çaklap, adamlar üçin wagtlaýyn lagerleri gurmaga buýruk berdi.
XS
SM
MD
LG