Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Orsýet bilen urşuň bäş ýyllygy


Esger mazarlaryna gül goýulýar, Tbilisi, 8-nji awgust, 2013 ý.

Esger mazarlaryna gül goýulýar, Tbilisi, 8-nji awgust, 2013 ý.

Gürjüstan 2008-nji ýylda öz bölüniji Günorta Osetiýa regiony üstünde Orsýet bilen bolan urşuň bäş ýyllygyny belleýär.

Penşenbe güni bu urşuň pidalarynyň hatyrasyna bagyşlanan birnäçe çäre we Gori şäherinde harby parad geçirilýär.

2008-nji ýylyň awgustynda bolan bäş günlük uruşda Orsýetiň goşunlary Gürjüstanyň goşunlaryny Günorta Osetiýadan gysyp çykardy we Moskwa Günorta Osetiýanyň we Gürjüstanyň beýleki bir bölüniji regiony Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.

Günorta Osetiýanyň Moskwadaky ilçihanasy hem çarşenbe güni Osetiýanyň çaknyşykda wepat bolan pidalarynyň hormatyna hatyra gününi geçirdi.

Penşenbe güni Günorta Osetiýanyň de fakto daşary işler ministrligi bir beýanat çap edip, Gürjüstany serhet territoriýalarynda dartgynlyklary azaltmak we iki ýurduň arasynda ynamdarlyk esaslaryny döretmek üçin güýç ulanmazlyk şertnamasyna gol çekmäge çagyrdy.

Medwedew ötünç soramady

Orsýetiň premýer-ministri, konflikt wagtynda prezident bolan Dmitriý Medwedew sişenbe güni Gürjüstanyň telewideniýesine beren interwýusynda ötünç soramakdan boýun gaçyrdy. Ol bu uruşda Tbilisini günäkärledi we, Orsýetiň öz goşunlaryny Günorta Osetiýada saklap, atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozandygyny inkär etdi.

Gürjüstanyň goranmak ministri, şol wagt Gürjüstanyň BMG-däki ilçisi bolan Irakli Alasania çarşenbe güni Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren gürrüňinde bäş ýyl mundan ozal bu konfliktden sowulmak örän kyn bolardy diýdi.

"Ol konfliktden bäri eýýäm bäş ýyl geçdi, emma onuň ýaralary biziň barymyz: gürjiler üçinem, osetinler üçinem entek örän ýiti. Umuman, birnäçe ýyl içinde ýitileşen konfliktden sowulmak mümkindi. Emma muňa garamazdan, Orsýetiň goşunlarynyň [ýaragly konfliktden] aýlap öň Demirgazyk Kawkaza ýerleşdirilendigini we Abhaziýada hem Sihanwalide (Günorta Osetiýa) bolan wakalary nazara alsaň, meniň pikirimçe, bu prosese täsir ýetirerden eýýäm giçdi."

Iş başyndan aýrylýan prezident Mihail Saakaşwiliniň Birleşen milli hereket partiýasy oktýabr aýynda bolan parlament saýlawlarynda milliarder Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky koalisiýadan asgyn geldi we bu ýagdaý Moskwa bilen Tbilisiniň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagyna umyt döretdi.

Saakaşwiliniň pikiri

Häzir premýer-ministr bolan Iwanişwili öz daşary syýasatynda Orsýet bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy ileri tutulýan meseleleriň birine öwürdi.

Emma muňa garamazdan, goranmak ministri Alasania Orsýetiň Gürjüstan babatdaky pozisiýasynyň uruşdan bäri üýtgemändigini aýdýar.

"Bizde [Orsýet bilen gatnaşyklaryň] derrew kadalaşjagy barada illýuziýa ýok. Biz [Orsýetiň] diplomatiýasynda biziň toprak bitewiligimiz ýa-da Gürjüstanyň NATO-nyň agzasy bolmak islegi babatda hiç bir özgerişlik göremzok. Biz Orsýetiň pozisiýasynda şu wagta çenli hiç bir üýtgeşme duýmaýarys."

Mihail Saakaşwili bolsa, çarşenbe güni Gürjüstanyň telewideniýesine beren interwýusynda Moskwa entegem Gürjüstanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine agza bolmak niýetinden el çekmegini gazanmaga çalyşýar diýdi. Şeýle-de ol Orsýetiň häzirki ýolbaşçylygynda Moskwa bilen arany sazlamagyň mümkin däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG