Sepleriň elýeterliligi

Fort Hud atyşygy: sud gidýär


Birleşen Ştatlaryň 13 adamy atyp öldüren, onlarça adamy ýaralan goşun maýorynyň sud diňlenişigi harby tribunalda ikinji gün dowam etdirilýär.

Penşenbe güni bolan seljerişlikde şaýatlar maýor Nidal Hasanyň 2009-njy ýylyň noýabrynda Fort Fud bazasynyň proses merkezine nähili gelip girişi we ok atmaga başlaýşy barada görkezme berdiler.

Hünärmen seržant Meagen Martinez Hasanyň şonda töwerekde gymyldaýan her bir zady oka tutan adamdygyny aýdyp, görkezme berdi.

Seržant Maria Kuerra bolsa, atyşykdan soňky ýagdaý barada görkezme berdi. "Men hemme ýerde serlip ýatan jesetleri gördüm. Gan gördüm. Hiç kim gymyldanokdy."

Hasan özüniň şonda adamlary tüpeňländigini boýun aldy, emma ol bu işi musulmanlaryň öldürilmeginiň öňüni almak üçin edendigini aýtdy.

Hasan Birleşen Ştatlarda, palestinaly ene-atadan doglan musulmandyr.
XS
SM
MD
LG