Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň Nagasaki şäheri Birleşen Ştatlar tarapyndan atom bombasynyň taşlanan gününiň 68 ýyllygyny belleýär.

Anna güni ýerli wagt bilen sagat 11:02-de, ploutonium bombasynyň şähere gelip uran wagtynda jaňlar uruldy.

Bu hüjümden aman galanlar, ölenleriň we diri galanlaryň garyndaşlary, hökümet resmileri we daşary ýurt delegasiýalary hüjüm wagtynda we soňra radiasiýa zerarly ölen 70 müňden gowrak adamyň hormatyna bir pursat dymyşlik etdiler.

Nagasakiniň şäher häkimi Tomihisa Taue öz çykyşynda dünýäniň iki sany uly ýadro ýaragly ýurdunyň liderlerine, Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň prezidentlerine ýüzlenip, olary öz ýurtlarynyň ýadro arsenallaryny çalt we düýpli kemeltmek işine has yhlasly bolmaga çagyrdy.

Nagasakä düşen bomba Hiroşimany weýran eden birinji atom bombasyndan üç gün soň taşlanypdy.
XS
SM
MD
LG