Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak studentleri aýyplanýar


Boston marofonynda bolan partlamalaryň derňewi bilen baglylykda, bar bolan subutnamalary gizlemek synanyşygy sebäpli, iki sany gazagystanly studente hem aýyp bildirildi.

15-nji aprelde bolan partlamalar üç adamy öldürip, onlarça adamy ýaralapdy. Diýaz Kadyrbaýew we Azamat Tažýakow, ikisem 19 ýaşynda, partlamalarda güman edilýän Johar Sarnaýewiň ýoldaşlary bolupdyr.

Olar partlaýyşdan soň Sarnaýewiň umumy ýatakhanadaky otagyndan feýerwerkli sumkany we laptop kompýuteri başga ýere aýrypdyrlar.

Olar ilki 1-nji maýda dildüwşükde aýyplandylar we şondan bäri tussagda saklanylýar.

Olara 20 ýyla çenli tussaglyk, şeýle-de deportasiýa edilmek ähtimallygy garaşýar.

Sarnaýew federal tussaghanada suda garaşýar we oňa ölüm jezasynyň berilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG