Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Lahordaky konsullyk ýapylýar


ABŞ-nyň Döwlet departamenti Birleşen Ştatlaryň Pakistanyň Lahor şäherindäki hökümet işgärleriniň köpüsiniň iş ýerini terk etmegini buýurdy.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni giçlik çap eden beýanatynda bu buýrugyň «anyk howp-hatarlar» esasynda berilýändigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Yslamabatdaky ilçihanasynyň sözçüsi Meghan Gregonis bu howp-hataryň şu hepdäniň başynda Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky amerikan missiýalarynyň 20-ä golaýynyň wagtlaýyn ýapylmagyna getiren terror howplary bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

Gregonis konsullygyň işgärleriniň ol gaýtadan açylýança Yslamabada geçirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de Döwlet departamenti, terror wehimleri sebäpli, amerikan raýatlarynyň Pakistana etjek saparlaryny goýbolsun etmegini maslahat berdi.
XS
SM
MD
LG