Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Orsýet resmileri duşuşýar


Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşýan wagtynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we goranmak sekretary Çak Heýgel Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşmaly.

Bu duşuşyk anna güni Waşingtonda bolmaly.

Ak tam çarşenbe güni prezident Barak Obamanyň geljek aýda orsýetli kärdeşi bilen planlaşdyrylan başa-baş duşuşygyny goýbolsun edýändigini yglan edipdi.

Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar birnäçe sebäbe görä pes derejä düşdi.

Ol sebäpleriň biri hem Orsýetiň ABŞ-nyň ozalky aňtaw analisti Edward Snowdene wagtlaýyn gaçybatalga bermek karary boldy.

Snowden ABŞ-nyň global gözegçilik programmalary baradaky gizlin maglumatlary syzdyrdy.

Anna günündäki duşuşyk Owganystandaky, Eýrandaky, Demirgazyk Koreýadaky ýagdaýlara gönükdiriler öýdülýär.

Şeýle-de bu duşuşykda raketa gorag sistemasy boýunça ABŞ-Ewropa planlary barada gürrüň edilmegine garaşylýar, Orsýet bu plana berk garşy durýar.
XS
SM
MD
LG