Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky "Talyp Karzyny" hödürleýär


Aşgabatdaky Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky
Aşgabatdaky Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky
Türkmenistandaky Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, talyp karzy Türkmenistanyň raýaty bolan talyplara Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda tölegli esasda bilim almak üçin berilýär.

Agzalýan bankyň hödürleýän talyp karzynyň” möçberi täze pul bilen 10 müň manada çenli bolup, onuň 1 ýyl möhlet bilen berilýändigi we ondan ýyllyk 9% ýygymynyň alynýandygy barada Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň websahypasynda habar berilýär.

Talyp karzyny almaklyk üçin gerekli resminamalaryň arasynda: karz soraýanyň arzasy, pasport nusgasy, şahsy maglumatnamasynyň (liçnyý listok) nusgasy, işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada) we karz soraýana girewçi boljak bir adamyň pasportynyň nusgasy we işleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada) ýaly dokumentler bar.

Şeýle-de talyp karzyny almaklyk üçin gerekli resminamalaryň arasynda karz soraýan öýlenmedik (durmuşa çykmadyk) bolsa, ZAGS-dan degişli kepilnama; eger-de karz soraýan öýlenen (durmuşa çykan) bolsa, nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy, karz soraýan nikasyny bozan bolsa, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy we ZAGS-dan degişli kepilnama ýaly dokumentleriň talap edilýändigi barada Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň websahypasynda bellenýär.

Ondan daşgary soralýan dokumentleriň arasynda girewe goýulýan emlägiň resminamalary hem bar. Ýagny, karz soraýan ulag serişdesini girewe goýýan bolsa, onda şol ulagyň tehniki pasporty we sürüjilik hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny agzalýan banka getirmeklik talap edilýär.

Eger-de girewe goýulýan emläk - jaý (öý) bolsa, onda onuň tükelleýiş (inwentar) işi, öý kitaby, tussagda durmaýandygy, hususy eýeçilige degişlidigi barada Tükelleýiş edarasyndan kepilnamanyň soralýandygy Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň websahypasynda nygtalýar.

Soralýan resminamalaryň soňky sanawynda bolsa talybyň ýokary okuw jaýy bilen baglaşylan şertnamasy we hasap-faktura dokumentleri bar.
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, müşderilere aragatnaşyk maglumatlary üçin agzalýan bankyň Karz we lizing bölümine ýüz tutmaklary maslahat berilýär.
XS
SM
MD
LG