Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Buşehr stansiýasy Eýrana geçýär


Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki Rosatom kompaniýasynyň başlygy öz kärhanasynyň Buşehr atom elektrik stansiýasyny Eýrana geçirmek baradaky dokumentlere gol çekmäge taýýardygyny aýtdy.

Sergeý Kriýenko “Buşehr häzir 100 prosent güýjünde işleýär we ony proektiň eýesine, ýagny Eýrana geçirmegi taýýarlamak bu işiň jemleýji bölegi bolar” diýdi. Bu proýekt Eýran tarapyndan başlanypdy.

Hökümet Orsýet bilen Buşehrde ýadro atom elektrik stansiýasyny gurmak şertnamasyny 1995-nji ýylda baglaşypdy.

Bu stansiýanyň gurluşygy aslynda 1970-nji ýyllaryň ortasynda nemes firmasy tarapyndan başlanypdy we yslam rewolýusiýasyndan soň taşlanyp gidilipdi. Şondan soň Eýran Orsýet bilen şertnama baglaşypdy.

Kriýenko Buşehriň kontrollugy Eýrana geçenden soň hem ol ýerde ors spesialistleriniň galyp-galmajagy barada zat aýtmady.
XS
SM
MD
LG