Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Syýasatçy aman galdy


Pakistanyň Kwetta şäherinde hüjümçiler ozalky deputata hüjüm edip, azyndan dokuz adamy öldürdiler, 15 adamy bolsa ýaraladylar.

Polisiýanyň ofiseri Başir Ahmad Barohi Bulujystanyň paýtagtynda ozalky welaýat ministri Ali Madad Jatagyň garşysyna guralan hüjüm onuň garşydaşlarynyň işi bolup görünýär diýdi.

Tarapdarlary bilen metjitden çykyp gelýän Jatak bu hüjümden aman gutuldy.

Bir gün öň Kwettada polisiýa ofiseri jaýlanýarka özüni ýaran hüjümçi 30 adamy öldüripdi.
XS
SM
MD
LG