Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Migrantlar gynalýandygyny aýdýarlar


Orsýetiň polisiýasy tussag edilen migranty polisiýa merkezine alyp barýar.

Orsýetiň polisiýasy tussag edilen migranty polisiýa merkezine alyp barýar.

Özbegistanly zähmet migranty, 44 ýaşly Husanjon ýekşenbe güni Moskwanyň gurluşyk bazary Howanskide işe garaşyp durka, ýörite güýçler topary bolan "OMON" ony we onuň ýaly onlarça özbegi tutup, ýerli polisiýa edarasyna tabşyrýar. Olar aç-suwsuz bir garaža dykylyp, urlup-ýenjilýärler.

Tussaglykda saklanan Husanjon üç günden soň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna telefon arkaly beren interwýusynda şeýle diýdi: "Edil şu wagt biz Şerbinkada polisiýa bölüminde. Üç gün bäri bize damak ýok. Gijelerine ýorgan-düşeksiz, ýerde ýatýarys. Bu ýerde özlerine gyssagly medisina kömegi gerek adamlar bar. Bizi gezegine birnäçe polisiýa edarasyna äkitdiler, ençeme kagyza gol çekdirdiler. Oglanlaryň biri gaty ýaralanyp, ýagdaýy ýaramazlaşdy. Ýarasyny saramak üçin, ony alyp gitdiler. Bizi sebäpsiz ýere urdular. Bu ýerden çykarsalar, hemmämiz bilet alyp, Özbegistana gitmekçi".

Şular ýaly ýagdaýlar Moskwada we Orsýetiň beýleki ýerlerinde-de bolýar. Şäher bazarlaryna edilýän reýdlerden maksat ýurduň bikanun zähmet migrantlarynyň köküni gyrmak.

10 million diýip çaklanýar

Russiýa Federasiýasynyň Migrasiýa gullugy sany 10 million diýip çaklanylýan migrantlar baradaky kanunlary güýçlendirmäge çagyrdy. Migrantlaryň aglabasynyň Orsýetde bikanun galýandygyna ynanylýar.

Migrantlaryň ýüzlerçesini deport etmek işi eýýäm ýola goýuldy. Muňa bolsa ýerli orslar begenýän bolsa gerek.

Ýurduň barlag merkezi "WTSIOM" ( ВЦИОМ) tarapyndan geçirilen pikir soralyşygynyň görkezmegine görä, orslaryň dörtden üç bölegi çet ýurtly işçilere, aýratyn-da, slawýan däl garaýagyzrak adamlara duşmançylykly garaýar.

Polisiýanyň bazarlara dökülip geçirýän "zachistka" ýa arassalamak operasiýasy Orta Aziýada migrantlaryň yzynda galan maşgalalarynyň arasyna gorky saldy.

Moskwada bikanun migrant diýip güman edilýänleriň tussag lageri

Moskwada bikanun migrant diýip güman edilýänleriň tussag lageri

Täjigistanda iki çaganyň enesi bolan Sofia Faizulloýewa öz adamsynyň indi iki hepdä golaý Moskwanyň Golýanowo lagerinde saklanýandygyny aýdýar: "Biz ony iş üçin Orsýete ibermeli bolduk. Sebäbi ýaşaýan kwartiramyza kireý töleýäris, bize pul gerek. Biziň iki çagamyz bar. Çagalar mydama diýen ýaly näsag. Olar ony tutdular, 10 günden soň boşatmagy wada etdiler. Bu gün indi 11-nji gün, ol henizem türmede. Men ondan yzyna gelip, bu ýerde, Täjigistanda bir iş tapmagy haýyş etdim. Ýöne ol özüniň gelip bilmeýändigini, türmededigini aýtdy".

Tutulan migrantlaryň aglabasy polisiýa işgärleriniň iýmit we hatda bärkije zatlar üçin hem pul soraýandygyny aýdýarlar.

$450 alýarlar

Bir özbek migrantynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Şerbinkada saklanýan adamlardan suw bilen çörek üçin 15 müň ruble (450 dollar) çenli pul soralypdyr.

Iýul aýynyň aýaklarynda gysga wagtlaýyn tutulan täjik migranty Mahmud Kerimow özüniň boşadylmagyny gazanmak üçin 150 dollar tölemeli bolandygyny aýdýar. Ol bazarda "polisiýa indi gözi gorkuzylan migrantlardan has köp para sorar" diýýär.

"Polisiýa bize 'Size edilmelisi şudur. Biz size entegem nirededigiňizi gözüňize görkezmeli' diýdi. Biz ozal olara 1000, 1500, 2500 rubl berýärdik. Indi 5000 soraýarlar" diýip, Kerimow aýdýar.

Orsýetiň zähmet migrasiýa meselesine çemeleşişi belli bir derejede şizofreniki häsiýetli. Ors dilinde gürleýän orta aziýalylar bir tarapdan potensial ors raýatlary diýlip öwülýär. Beýleki tarapdan bolsa, "migrant görkezijileri" neşir edilip, täjiklar, özbekler, gyrgyzlar sübse ýa beýleki zähmet gurallaryna meňzedilip şekillendirilýär.

Migrasiýa häkimiýetleri bolsa Orsýetiň reýdleri köp migrantlary gul-gyrnak ýaly ulanýan ýaramaz toparlardan halas etmek üçin geçirilýändigini aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu ýaramaz toparlary dolandyrýan orta aziýalylaryň özleri.
XS
SM
MD
LG