Sepleriň elýeterliligi

"Talybanyň" ofisi Aşgabatda açylyp bilermi?


Owgan hökümet güýçlerine goşulan "Talyban" söweşijileri. Hyrat, 7-nji awgust, 2013 ý.

Owgan hökümet güýçlerine goşulan "Talyban" söweşijileri. Hyrat, 7-nji awgust, 2013 ý.

Daşary ýurt harbylarynyň 2014-nji ýylda Owganystany terk etmeli pursaty golaýlaşdygyça, owgan hökümeti bilen ”Talyban” hereketiniň arasynda barlyşyk üçin tagallalar hem barha möwjeýär.

Şol tagallalaryň çäginde ýakynda ”Talyban” hereketiniň Katarda ofisi açyldy, şol ofisiň maksady talybanlar bilen gepleşik geçirmek üçin olary wekilhana bilen üpjün etmekden ybaratdy.

Emma ofis açylandan sanlyja gün soňra ýapyldy, häzir bolsa bu ofisiň gelejegi barada dürli pikirler orta atylýar. Käbir synçylar bu edaranyň indi Katardan başga bir ýurtda açylmagy barada gürrüň edýärler.

”Talyban” hereketiniň ofisiniň açylaymagy mümkin diýlen ýurtlaryň hatarynda Türkmenistanyň hem ady agzalýar. Owganystanyň hökümetiniň adyndan ”Talyban” hereketi bilen gepleşikler geçirýän parahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiň wekili Şahzada Şahit bu meselede şeýle diýdi: ”Talyban” hereketiniň ofisi Katarda bolsun, Türkiýede bolsun, Saud Aarabystanda bolsun, Türkmenistanda ýa Owganystanyň territoriýasynda - biz olaryň hiç birine garşy däl”.

'Türkiýe bilen Türkmenistan agzalýar'

Owganystandaky ”Talyban” hereketi bilen owgan hökümetiniň arasynda barlyşyk boýunça edilýän tagallalaryň çäginde ”Talyban” hereketiniň ofisiniň Aşgabatda açylaýmagy mümkin diýlen mesele-de ilkinji gezek orta atylan pikir däl.

Mundan ozal 2011-nji ýylyň iýul aýynda ”Talyban” hereketiniň ofisiniň açylmagy barada gürrüňleriň peýda bolan döwründe hem şeýle edaranyň Türkiýede ýa Türkmenistanda açylyp bilinjekdigi hakda pikirler orta atylypdy.
Prezident köşgi, Aşgabat

Prezident köşgi, Aşgabat


Pakistanyň köp tiražly ”Tribune” gazetiniň 2011-nji ýylyň 19-njy iýulunda Owganystanyň Prahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiniň agzasy we ”Talyban” döwründe Owganystanyň magaryf ministri wezipesini ýerine ýetiren Arsla Rahmana salgylanyp çap eden habarynda şeýle diýilýär: “Meniň pikirimçe, şeýle edaranyň açylmagy mümkin ýurtlar hökmünde Türkiýe bilen Türkmenistanyň ady orta çykýar ”.

Soňra, ýyllap dowam eden gepleşiklerden soňra, bu edara ne Türkiýede, ne-de Türkmenistanda açyldy, ol ýaňy-ýakynda Katarda işläp başlady. Emma Katardaky edara ýapylansoň, Türkmenistanyň adynyň gaýtadan agzalmagy ýöne ýerden däl.

”Talybanyň” Owganystany dolandyran mahalynda Daşary işler ministrliginde ýokary derejeli wezipelerde işlan Wahit Muždaniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ”Talybanlaryň” Owganystany dolandyrýan mahalynda Kabul bilen ýakyn aragatnaşygy bardy.

Aşgabat-Kabul gatnaşyklary

Türkmenistanyň şol wagtky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow şol döwürde Owganystany dolandyran ”Talyban” hereketiniň lideri Molla Omar bilen duşuşan az sanly daşary ýurt resmilerinden biridi.

Şol döwrürde ”Talybanlaryň” Türkmenistan bilen aragatnaşygynyň gowy bolmagynyň sebäplerinden ýene biri hem owgan türkmenleriniň talybanlary goldamagy bilen baglydy. ”Talybanlaryň” şol wagt Türkmenistanda bir wekili hem bardy diýip, owganystanly synçy Wahit Mužde Azatlyk Radiosyna beren gürüňinde aýtdy.

Häzirki teklibiň kim tarapyndan orta atylýandygy we onuň näderejede başa barjakdygy hakda takyk bir zat aýtmak kyn. Emma mundan ozal Aşgabadyň inisiatiwasy bilen Owganystanyň parahatçylygy boýunça gepleşikleriň bir tapgyrynyň Türkmenistanda geçirilmegi hakda hem gürrüňler peýda bolupdy.

Muždäniň aýtmagyna görä, bu teklip Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýň garşy çykmagy sebäpli başa barmandy. Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi barada Türkmenistanyň oňyn rol oýnap biljegi baradaky gürrüňler bilen bir hatarda, bu mümkinçilige kemter baha berýänler hem bar.

Türkmenistanda mümkinçilik barmy?

Şeýle pikiri orta atýanlardan biri hem owganystanly synçy Ahmet Seyidi. Ol bu ugurda şeýle diýýär: ”Meniň maglumatyma görä, ”Talyban” hereketiniň ofisi Katardan başga bir ýurda göçüriler. Ol ofis, Owganystanda harby güýçleri bolmadyk, hemem Owganystanyň hökümeti bilen strategiki we tranzit ylalaşyklary bolan bir ýurtda açylar. Emma men Türkmenistan şeýle bir edarany açmak mümkinçiligine eýedir öýdemok”.

”Talyban” hereketiniň ýakynda açylyp, yzy bilen hem ýapylan Katardaky edarasynyň bu ýurtdan göçüriljegi baradaky pikirler häzirlikçe diňe gürrüňlerden ybarat bolup, bu edaranyň gaýtadan açylyp-açylmajagy, açylsa, onuň nirede ýerleşjekdigi barada takyk maglumat ýok.

Bu ofisiň Türkmenistanda açylmak mümkinçiligi hem häzirlikçe diňe gürrüň bilen çäklenip, bu barada ”Talyban” hereketi, owgan hökümetiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary ýa Türkmenistan tarapyndan resmi taýdan hiç zat aýdylmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG