Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Lahordaky işgärlerini çykarýar


ABŞ-nyň Lahordaky konsullygy. 9-njy awgust, 20013 ý.

ABŞ-nyň Lahordaky konsullygy. 9-njy awgust, 20013 ý.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Paksitanyň Lahor şäherindäki amerikan konsullygyndan işleri möhüm bolmadyk amerikan resmilerine bu şäherden çykmaga görkezme berdi. Bu konsullygyň üstüne bolaýmagy ähtimal diýlip hasaplanýan hüjümiň amala aşyrylmagyndan howatyr edilip geçirilen çäre.

ABŞ-nyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Meghan Gregonis Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna şeýle maglumat berdi: “Bize Lahordaky konsulhanamyza howpuň abanýandygy barada maglumat gowuşdy. Biz öňüni alyş çäre hökmünde, özümiziň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça işgärlerimizden galan adamlary [şäherden] çykardyk”.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni giçlik çap eden beýanatynda bu buýrugyň “howp-hatar baradaky anyk maglumatlaryň” esasynda berilýändigi aýdylýar.

Gregonis konsullygyň işgärleriniň Yslamabada ewakuasiýa edilendigini aýdýar. Ol: “Konsulhananyň haçan täzeden işläp başlajakdygy barada bizde häzirlikçe hiç hili beýanat ýok” diýdi.

ABŞ-nyň konsullygy onsuz hem “Eid al-Fitr”, ýagny Oraza baýramy mynasybetli penşenbeden ýekşenbe gününe çenli ýapylmagy planlaşdyrýardy.

Şeýle-de Döwlet departamenti terror wehimleri sebäpli amerikan raýatlarynyň Pakistana etjek saparlaryny goýbolsun etmegini maslahat berdi.

Mundan öň ABŞ-nyň Pakistandaky konsulhanlaryna garşy hüjümler edilipdi. 2010-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Peşewar şäherindäki konsullygyna edilen hüjümde dört adam öldi.

Meghan Gregonis häzirki howp-hataryň şu hepdäniň başynda Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky amerikan missiýalarynyň 20-ä golaýynyň wagtlaýyn ýapylmagyna getiren terror howplary bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

“Al-Kaýda” hereketiniň ýolbaşçysy Aýman al-Zawahri hüjümleriň geçirjekdigi bilen haýbat atdy diýilýän maglumatlardan soňra, ABŞ diplomatik edaralaryny ýapdy. Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky bu missiýalaryň şenbe güni täzeden işläp başlamagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG