Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet bilen gatnaşyklara ara berilýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşington Orsýet bilen gatnaşyklara ara berip, oňa gaýtadan seredýär diýýär.

Ol bu ýagdaýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň "yzagalak" pikirlenişiniň sebäp bolandygyny aýtdy.

Orsýetde Putin bilen bolmaly duşuşygyny goýbolsun edeninden soň, Obama anna güni Waşingtonda çykyp gürläp, žurnalistlere özüniň Putini «yza seredip däl, öňe seredip pikirlenmäge» hyjuwlandyrjak bolýandygyny, emma munuň «netijesiniň garyşykdygyny» aýtdy.

Obama Putin 2012-nji ýylda Orsýetiň prezidentligini gaýtadan eline almazdan öň ABŞ-Orsýet gatnaşyklarynda öňegidişligiň bolandygyny hem sözüne goşdy.

Emma indi Siriýadaky raýat urşy, adam hukuklary, Orsýetiň geýlera garşy kanuny ýaly meselelerde «başga-başga garaýyşlar peýda bolýar» diýip, Obama aýtdy.

Şeýle-de Moskwa gaçgaklykdaky aňtaw analisti, amerikan prokurorlary tarapyndan milli howpsuzlyk syrlaryny syzdyranlygy üçin gözlenýän Edward Snowdene wagtlaýyn gaçybatalga berip, Waşingtonyň gaharyny getirdi.

Mundanam başga, Obama ABŞ-nyň terrora garşy gözegçiliginiň ABŞ-nyň bähbitleri we gymmatlyklary bilen gabat gelmegini gazanmakda görülýän çäreleri yglan etdi.
XS
SM
MD
LG