Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ýüzläp jeňçi öldürildi


Owganystanyň Goranmak ministrligi owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň gündogarynda başlan iki hepdelik harby operasiýalary netijesinde 200-den gowrak jeňçiniň tutulandygyny ýa öldürilendigini aýdýar.

Ministrligiň sözçüsi, general Zahir Azimi 25-nji iýulda başlanan giň gerimli harby operasiýa mahalynda owgan goşunlarynyň hem 11 esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Logar welaýatynyň Azra etrabynda we Nangarhar welaýatynyň Hizarak etrabynda gazaply söweşler boldy.

Azimi tutulan we öldürilen jeňçileriň arasynda «Talybanyň» hatarynda söweşýän çeçenleriň, pakistanlylaryň we araplaryň hem bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG