Sepleriň elýeterliligi

Liwan: Zamun pilotlar goýberilmeýär


Liwandaky ýaragly adamlar Türk howa ýollarynyň iki uçarynyň pilotlaryny şenbe güni irden hem zamunlykda saklamagy dowam etdirdiler, olar bir gün öň Beýrutyň halkara uçar meýdanynyň daş işiginden alnyp gaçyldy.

Ankara bu ýurda syýahat etmezlik barada duýduryş berensoň, Liwandaky türk raýatlary şenbe güni yzlaryna dolanmaga taýýarlyk görýärler.

Zamun alyjylar Siriýada pitneçiler tarapyndan ýesir alnan dokuz sany liwanly şaýynyň azat edilmegini isleýärler.

Olar bu dokuz adamyň Siriýa dini zyýarata baran wagty tutulandygyny aýdýarlar.

Liwanyň mediasy anna güni guralan adam ogurlygynyň jogapkärçiligini ozal bilinmeýän «Zuwwar al-Imam Rida» toparynyň öz üstüne alandygyyn aýdýar.

Liwanyň şaýy toparlary prezident Başar al-Assady goldaýarlar.

Siriýanyň pitneçileri esasan sünnilerden durýar we olar Liwandaky sünni jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.

Türkiýe hem siriýa pitneçilerini goldaýar.
XS
SM
MD
LG