Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: ýapylan ilçihanalar açylýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti geçen hepde terror aladalary sebäpli ýapan 19 diplomatiki missiýasynyň 18-sini ýekşenbe güni gaýtadan açjagyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Ýemeniň paýtagty Saanadaky ilçihanasy ýapyklygyna galar.

Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky ilçihanasynyň köp işgärine 6-njy awgustda aýdylýan howp zerarly iş ýerini terk etmek buýruldy.

4-nji awgustda musulman ýurtlaryndaky amerikan ilçihanlarynyň 19-sy ýapyldy.

Döwlet departamenti bu çärä «Al-Kaýda» liderleriniň uly terror hüjüminiň planlaşdyrylýandygy barada eden gürrüňleriniň sebäp bolandygyny aýdýar.

Mundan başga, başga bir howp zerarly, penşenbe güni ABŞ-nyň Lahordaky konsullygy hem ýapyldy.

Konsullygyň Lahordaky işgärleri ol täzeden açylýança Yslamabatda galar.
XS
SM
MD
LG