Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýet bilen gatnaşyklara gaýtadan seredýär


Prezident Barak Obama
Prezident Barak Obama
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň «yzagalak» pikirlenişi sebäpli Waşintonyň Orsýet bilen gatnaşyklara ara berip, oňa gaýtadan baha berýändigini aýdýar.

Obama Putin bilen Orsýetde bolmaly duşuşygyny goýbolsun edeninden soň, anna güni Waşingtonda çykyp gürläp, žurnalistlere özüniň Putini yza garap däl-de, eýsem öňe seredip pikirlenmäge hyjuwlandyrmaga çalyşýandygyny, emma bu meseledäki üstünliginiň garjaşykdygyny gürrüň berdi.

Obama Putin 2012-nji ýylda Orsýetiň prezidentligine gaýtadan dolanyp gelýänçä ABŞ-Orsýet gatnaşyklarynda progresiň bolandygyny aýtdy.

"Täze döreýän oňuşmazlyklar"

"Ol ýerde edilen we edilmegi dowam etdriljek bir topar gowy iş boldy. Ýöne başga bir zadam dogry, haçanda prezident Putin, Medwedew prezident bolan wagty premýer-ministr bolan kişi häkimiýete, prezidentlige dolanyp gelende, biz Orsýet tarapda Sowuk uruş döwründe ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky bäsleşik esasynda oýnalan köne stereotiplere mahsus köp anti amerikan ritorika gördük, onsoň men, garyşyk bir üstünlik bilen, jenap Putini yza seredip däl-de, öňe seredip pikirlenmäge ruhlandyrjak boldum."

Obama täze peýda bolýan pikir-garaýyş tapawudynyň Siriýadaky raýat urşy, adam hukuklary, Orsýetiň geýlere garşy kanuny ýaly meselelerde ýüze çykandygyny aýtdy.

Şeýle-de Moskwa gaçgaklykdaky aňtaw analisti, amerikan prokurorlary tarapyndan milli howpsuzlyk syrlaryny syzdyranlygy üçin gözlenýän Edward Snowdene wagtlaýyn gaçybatalga berip, Waşingtonyň gaharyny getirdi.

"Meniň pikirimçe, soňky waka biziň soňky birnäçe aýda Siriýanyň töwereginde, adam hukuklary meseleleriniň daşynda gören ylalaşmazlyklarymyzyň ýene biriniň köpelmegi boldy. Onsoň biziň bir säginip, Orsýetiň barýan ugruna, düýp bähbitleriň nämedigine gaýtadan nazar aýlamagymyz hem-de öz edýän zatlarymyzyň Birleşen Ştatlar üçinem, Orsýet üçinem gowy bolmagyny umyt edip, şol bir wagtda käbir pikir-garaýyş tapawudynyň boljagyny, biziň olary doly aradan aýryp bilmejegimizi ykrar edip, gatnaşyklary gaýtadan bir seljermegimiz ýerlikli bolsa gerek."
Meksika, prezident Obama rus kärdeşi Putin bilen, 18-nji iýun, 2012 ý.
Meksika, prezident Obama rus kärdeşi Putin bilen, 18-nji iýun, 2012 ý.

Orsýetiň geýlere garşy kanunynyň kemsidijiligini nygtandygyna garamazdan, Obama Birleşen Ştatlar 2014-nji ýylda Soçide geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryny boýkot etmeli diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

Gözegçilik bähbitlere gabat gelmeli

Şeýle-de Obama Waşingtonda žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň gözegçilik tagallalarynyň has açyk-aýdyň bolmalydygyny aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň aňtaw edaralaryna gözegçilik programmalary barada jemgyýetçilige mümkin boldugyça köp maglumat bermeklerini tabşyrandygyny gürrüň berdi.

Mundanam başga, Obama bir garaşsyz toparyň Birleşen Ştatlaryň gözegçilik usullaryny gaýtadan gözden geçirip, terrora garşy gönükdirilen aňtaw tagallalarynyň Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine we gymmatlyklaryna laýyk gelmegini üpjün etjek çäreleri görjegini habar berdi.

"Şeýlelikde, bu çäreleriň ählisi amerikan halkynyň biziň edýän tagllalarymyzyň bähbitlerimiz we gymmatlyklarmyz bilen gabat gelýändigine ynanmagyna gönükdirilen. Onsoň men dünýäniň beýleki halklaryna şuny aýdyň etmek isleýärin: Amerika ýönekeý adamlary aňtamaýar. Biziň aňtaw-gözegçilik işlerimiz, hemme zatdan ozal, öz halkymyzy we köp babatda öz ýaranlarymyzy goramak üçin zerur bolan maglumatlary gözläp tapmakdan ybarat."

Bu garaşsyz topar oktýabryň başynda Milli howpsuzlyk gullugynyň gözegçilik we maglumat toplamak usullary barada geçiş hasabatyny çap etmeli.
XS
SM
MD
LG