Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: 20 adam öldürildi


Oppozisiýadaky adam hukuklary topary Siriýanyň harbylarynyň howa zarbasy netijesinde demirgazyk-günbatardaky Latakiýa welaýatynda 20 adamyň öldürilendigini habar berýär.

Britaniýada ýerleşýän Siriýa obserwatoriýasy topary şenbe güni Salma şäherine gijeki howa zarbalarynyň urlandygyny aýtdy.

Siriýaly aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Salma sünni musulmanlaryň köplükde ýaşaýan şäheri bolup, hökümet güýçleri bu ýere kontrollugy gaýtadan ele geçirmäge synanýarlar.

Assad günorta we merkezi Siriýanyň köp ýerini kontrolda saklaýar, pitneçiler bolsa Türkiýe bilen serhede golaý demirgazyk taraplary, Ýefrat jülgesini elinde saklaýar.

BMG 28 aýlyk konfliktde 100 müňden gowrak adamyň öldürilendigini, 1.7 million siriýalynyň bolsa ýurtdan gaçandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG