Sepleriň elýeterliligi

Türkmen mekdepleri 6 ýaşdan okuwa alar


Türkmen döwlet habarlary 2013-2014-nji okuw ýylynda, täze okuw sistemasyna geçilmegi sebäpli, birinji klaslara 193244 okuwçynyň kabul ediljegini habar berýär.

Bu maglumat ýurduň bilim ministriniň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, hökümet maslahatynda getiren sanlary esasynda ýaýradylýar.

Birinji klaslara kabul edilýän 6 ýaşly okuwçylaryň sany 108557, 7 ýaşly okuwçylaryň sany bolsa 84687 diýlip, ministriň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de ýurduň orta mekdeplerinde jemi 967492 okuwçynyň okajagy habar berilýär.

Prezident G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy çäreleri hökmünde 10 sany möhüm wezipäni öňe sürdi.

Şol möhüm wezipeleriň arasynda mugallym kadrlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem bar.
XS
SM
MD
LG