Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Gawun baýramy bellenýär


Türkmenistanlylar ýekşenbe güni Gawun baýramyny belleýärler.

Bu gün aýdym-saz konsertlerinden, teatrlaşdyrlan sahnalardan, köpçülikleýin gezelençlerden başga, baýramçylyga gatnaşýanlara datly gawun-garpyzlar hem hödür edilýär.

Gawun baýramy ýurtda 1994-nji ýyldan bäri bellenýär we ol öňki prezident tarapyndan ýurduň belli baýramçylyk seneleriniň hataryna goşuldy.

TDH bu gezekki Gawun baýramyna gabat ýene bir täze gawun sortunyň döredilendigini habar berdi.

Täze gawun seleksioner Ömürguly Ahmedow tarapyndan, «Çal megersek» we «Ak megersek» gawunlarynyň goşulmagy netijesinde döredilipdir.

Täze gawuna «Bagtyýarlyk» adynyň berlendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG