Sepleriň elýeterliligi

ABŞ terrorçy üçin $10 million teklip edýär


Bagdadyň Sadr şäherçesi, 27-nji maý, 2013.

Bagdadyň Sadr şäherçesi, 27-nji maý, 2013.

Waşington şenbe güni Yrakda amala aşyrylan ganly partlamalaryň arkasynda duran adamlary «Yslamyň duşmanlary» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

ABŞ-nyň döwlet departamenti şenbe güni Bagdadyň kafelerinde we bazarlarynda Eýd al-Fitr, Oraza baýramyny belleýän maşgalalaryň garşysyna guralan bomba partlamalaryny «bigaýrat» hüjüm diýip atlandyrdy.

Yrak resmileri bu hüjümlerde ýurt boýunça azyndan 69 adamyň öldürilendigini aýtdylar. Bu waka «Al-Kaýdanyň» Bagdadyň golaýyndaky türmelere hüjüm edip, ýüzlerçe jeňçini azat etmeginden birnäçe hepde soň bolýar.

Şenbe güni diňe Bagdadyň özünde azyndan 57 adam öldürildi, ýüzlerçe adam bolsa ýaralandy.

Yragyň howpsuzlyk resmileri iň ganly hüjümiň Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Bagdadyň günorta-gündogar çetindäki açyk bazary nyşana alandygyny aýdýarlar.

Paýtagtyň esasan şaýylardan ybarat mähellelerinde ýerleşýän kafelerde, bazarlarda we restoranlarda azyndan 11 bomba partladyldy.

Goşmaça çärelere garamazdan...

Ol hüjümler Oraza aýynyň soňunda baýram edýän adamlaryň, köpçülikleýin üýşmeleňleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görlen goşmaça çärelere, köpeldilen gözegçilere garamazdan amala aşyryldy.

Şaýylaryň mukaddes şäheri bolan Kerbalada şenbe güni partladylan ulag bombasy dört adamy öldürip, 11 adamy ýaralady.

Şaýylaryň agdyklyk edýän Nasiriýa şäherinde bolsa, şenbe güni parkyň golaýynda partladylan goşa ulag alty adamy öldürip, 25 adamy ýaralady.

Ulag bombalary demirgazyk Kerkukdaky şaýy metjidini hem nyşana aldy, bu hadysada bir adam ölüp, bäşisi ýaradar boldy.

Iň ganly aý

Şenbe güni ölen adamlaryň sany Yrakda 20-nji iýuldan bäri bir günde bolan adam heläkçiliginiň iň ýokary görkezijisidir, 20-nji iýulda Bagdadyň golaýyndaky türmelere zabt edilende we beýleki hüjümlerde 71 adam öldürilipdi.

Häkimiýetler şu ýyl Ramadan aýynda jemi 670 çemesi adamyň öldürilendigini aýdýarlar, bu Yrakda 2007-nji ýylyň mezhep zorlugynyň ýetjek derejesine ýeten wagtynda bolan gandöküşikliklerden bäri iň ganly aý boldy.

Golaýda çap edilen hökümet maglumatlarynda aýdylmagyna görä, iýul aýynda ýurt boýunça öldürilen adamlaryň sany bir müňe golaýlaýar.

Waşington «Al-Kaýdanyň» Yrakdaky lideri diýip çak edilýän Abu Bakr al-Bagdadi üçin on million dollar sylag berjegini gaýtalaýar.

Siriýada gizlenýändir öýdülýän Bagdadi 2011-nji ýyldan bäri Yrakdaky terror hüjümleriniň bir toparyny gurnan adam hasaplanýar.

Bular golaýda Abu Garyp türmesine zabt edilmegini, Yragyň Adalat ministrligine janyndan geçen bombaçynyň eden hüjümini, Yragyň howpsuzlyk güýçlerine we raýatlaryna garşy edilen beýleki hüjümleri hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG