Sepleriň elýeterliligi

Amerikan raýaty deportasiýa edildi


Bahreýn mekdebe çenli ýaşly çagalary okadýan amerikan mugallymyny Twitterdäki we websaýtlardaky «radikal» ýazgylary üçin ýurtdan deportasiýa etdi.

Erin Kilbraýd ada patyşalygyndan çykaryldy we Birleşen Ştatlara ýekşenbe güni gelýär.

Bahreýniň Aragatnaşyk işleri boýunça döwlet ministrliginiň ýaýradan beýanatynda Kilbraýdyň bikanun ýagdaýda ygtyýar berilmedik žurnalist hökmünde işläp, öz wiza şertlerini bozandygy aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda onuň Twitteri we beýleki websaýtlary Bahreýn barada makala çap edip, hökümete we patyşa maşgalasyna ýigrenç döretmek üçin ulanandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG